ТК | РУ | EN

Mälikgulyýew Azat

Dolandyryjy hyzmatdaş

Konsultanta ýazylmak

Export Hyzmat

Agza bolan: 2024

Hünär tejribesi

Azat Mälikgulýýew - Export Hyzmat konsalting kompaniýanyň dolandyryjy hyzmatdaşy bolup, eksporty ösdürmek, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we hususy pudagy ösdürmek ugurlarynda 10 ýyldan gowrak tejribesi bar. 2014-nji ýylda Türkiýaniň Kojaeli Uniwersitetininiň ykdysadyýet fakultetini bakalawr derejesi bilen üstünlikli tamamlady (2010-2014).
Export Hyzmat kompaniýada strategik maslahatçylyk hyzmatlaryny we eksporty öňe sürmek boýunça başlangyçlary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek işlerine ýolbaşçylyk edýär. Köp ugurly topara ýolbaşçylyk edip, taslamalaryň halkara ülňüleri we donor guramalaryň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.
2021-nji ýylyň dekabryndan 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli DAI Global LLC (USAID-iň Merkezi Aziýadaky Söwda (TCA) taslamasy) kompaniýasynda söwdany ýönekeýleşdirmek boýunça hünärmen bolup işledi, Merkezi Aziýadan dokuz kompaniýalaryny Gulfood-2024 (Dubaý, BAE) sergisine gatnaşmagyny üstünlikli gurady. Bu bolsa 20-den gowrak alyjy bilen umumy bahada 7 million ABŞ dollardan gowrak şertnamalaryň baglaşylmagyna sebäp boldy. Macfrut 2024 (Rimini, Italiýa) sergisinde 7 hususy kompaniýanyň 12 wekiliniň gatnaşmagyny gurady, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça hyzmat üpjün edijiler başlangyjyny (TPSP) dolandyrdy we ýedi ýerli oba hojalyk kompaniýasyna eksporty ösdürmek boýunça maslahat berdi.
2018-nji ýylyň iýun aýyndan 2021-nji ýylyň dekabr aýyna çenli DAI Global LLC (USAID-iň bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek (CTJ) taslamasy) kompaniýasynda hususy pudagy ösdürmek boýunça hünärmen wezipesinde işledi, hususy pudak üçin tehniki kömek taslamalaryny utgaşdyrdy, oba hojalyk, azyk önümçiligi, logistika we syýahatçylyk pudaklarynda 100-den gowrak işewür toparlary bilen işledi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etdi.
2025-nji ýylda Turkmen Congress (iýun-sentýabr) we Turkmen Expo (mart-iýun) kompaniýalarda taslama menejeri bolup işläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky Maýa goýum forumyny dolandyrmak üçin Cvent platformasynyň meýilleşdirilmegini we uýgunlaşdyrylmagyny üpjün edip, döwlet wekiliýetleri, halkara maýa goýujylar we biznes gatnaşyjylar bilen işleri utgaşdyrdy.
Taslamalary dolandyrmak, bazar seljermelerini we bäsdeşler boýunça analiz geçirmek, kiçi we orta kärhanalara we täze eksportçylara maslahat bermek boýunça hünärmen. Iňlis, rus we türk dillerini erkin bilýär, türkmen diliniň eýesi.
Hünär ugurlary
• Eksporty goldamak we söwdani ösdürmek
• Hususy pudak we kiçi we orta telekeçiligiň ösüşi
• Taslamalary dolandyrmak
• Halkara sergileri we iş saparlaryny guramak
• Söwda üçin sanly çözgütler
• Halkara bazarlara çykmak boýunça maslahatlyk